S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi. TDH-da habar berlişi ýaly, häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Elektron žurnal arkaly agranomçylyk, agroekologiýa, gidromelorasiýa, sanly oba hojalygy, oba hojalygynda ýokary tehnologiýalar ýaly dürli ugurlara degişli öňdebaryjy tejribeler, ylmy-amaly barlaglaryň netijeleri okyjylar köpçüligine hödürlener. Şeýle hem elektron žurnalda Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly ylmy taglymatlaryna laýyklykda, ýurduň, şonuň ýaly-da daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň we talyplarynyň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir