ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçirilýän futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň nobatdaky ýaryş güni üç sany uly hasaply ýeňiş hem-de Kabo-Werdeniň ýygyndysynyň taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykmagy bilen tamamlandy. Duşuşyklaryň netijeleri I toparçada Fransiýanyň ýygyndysy Norwegiýany 4:1 hasabynda ýeňip, 9 utuk bilen toparçada birinji orny eýeläp, pleý-off tapgyryna çykdy. Norwegiýa bolsa 6 utuk bilen ikinji orny saklap galdy. Şol toparçada Senegal Yragy 5:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Duşuşygyň 13-nji minudynda yrakly futbolçy gyzyl petek alyp, meýdançadan çykaryldy. Uly hasaply ýeňişiň hem-de beýleki toparçalardaky netijeleriň hasabyna Senegal 3 utuk bilen üçünji orundan pleý-off tapgyryna çykmagy kepillendirdi. Yrak bolsa utuk gazanyp bilmän, ýaryşy tamamlady. G toparçada Müsür bilen Eýran 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Belgiýa bolsa Täze Zelandiýany 5:1 hasabynda ýeňdi. Belgiýanyň ýygyndysy 5 utuk bilen toparçada birinji orny eýeledi. Şonça utuk Müsürde-de bar, emma toplaryň tapawudy pes bolandygy sebäpli ol ikinji orny eýeledi. Eýran (3 utuk) bolsa üçünji orun arkaly pleý-offa çykmak mümkinçiligini saklaýar. Pleý-off tapgyry Häzirki wagta çenli 1/16 finala aşakdaky 28 ýygyndy çykmagy başardy: Meksika, Günorta Afrika Respublikasy, Şweýsariýa, Kanada, Bosniýa we Gersegowina, Braziliýa, Marokko, ABŞ, Awstraliýa, Paragwaý, Germaniýa, Kot-d’Iwuar, Ekwador, Niderlandlar, Ýaponiýa, Şwesiýa, Belgiýa, Müsür, Ispaniýa, Kabo-Werde, Fransiýa, Norwegiýa, Senegal, Argentina, Kolumbiýa, Portugaliýa, Angliýa we Gana. Galan dört ýollanma toparçalaýyn tapgyryň soňky gününde öz eýelerini tapar. Häzirlikçe belli bolan 1/16 finalyň jübütleri: Germaniýa – Paragwaý, Fransiýa – Şwesiýa, Günorta Afrika Respublikasy – Kanada, Niderlandlar – Marokko, ABŞ – Bosniýa we Gersegowina, Braziliýa – Ýaponiýa, Kot-d’Iwuar – Norwegiýa, Argentina – Kabo-Werde, Awstraliýa – Müsür. Kabo-Werdeniň ýygyndysy birnäçe taryhy görkezijä eýe boldy. Takmynan 525 müň ilatly ada döwleti dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykan ilaty iň az ýurt boldy. Mundan başga-da, Kabo-Werde XXI asyrda toparçalaýyn tapgyrda hiç hili ýeňiş gazanmazdan pleý-off tapgyra çykan ilkinji ýygyndy hökmünde taryha girdi. Şeýle ýagdaý iň soňky gezek 1998-nji ýylda Çili tarapyndan gazanylypdy. Şeýle hem Kabo-Werde soňky 24 ýylda dünýä çempionatynda çykyş eden ilkinji täze gatnaşyjy bolup, toparçalaýyn tapgyrda bir gezek-de ýeňilmedi. Ondan öň şeýle üstünligi 2002-nji ýylda Senegalyň ýygyndysy gazanypdy. Kabo-Werdeniň ýygyndysynyň derwezeçisi Wozinýa dünýä çempionatlarynda yzly-yzyna iki duşuşygy gol geçirtmän tamamlap, şeýle netijäni gazanan 40 ýaşdan uly bolan taryhdaky üçünji derwezeçi boldy. Ondan öň bu üstünlik Angliýanyň derwezeçisi Piter Şiltona (3 duşuşyk) we Italiýanyň derwezeçisi Dino Zoffa (2 duşuşyk) başardypdy. Ýekşenbe gününe geçilýän gije toparçalaýyn tapgyryň soňky duşuşyklary bolar (Aşgabat wagty bilen): 28-nji iýun 02:00 – Panama – Angliýa 02:00 – Horwatiýa – Gana 04:30 – Kolumbiýa – Portugaliýa 04:30 – Kongo Demokratik Respublikasy – Özbegistan 07:00 – Alžir – Awstriýa 07:00 – Iordaniýa – Argentina Türkmenistanyň ýaşaýjylary 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň ähli duşuşyklaryna Belet striming platformasynda göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler. Dünýä çempionaty 19-njy iýulda tamamlanar.