Germaniýanyň, Ekwadoryň we Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndylary futbol boýunça dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykdy. Bu E toparçanyň soňky tapgyryndaky oýunlaryň netijeleri boýunça belli boldy. Ekwadoryň ýygyndysy Germaniýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Oýun ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherindäki «MetLife» stadionynda geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde Nilson Angulo (9-njy minutda) we Gonsalo Plata (77-nji minutda) tapawutlandy. Germaniýanyň ýygyndysynda bolsa Leroý Sane (2-nji minutda) gol geçirdi. E toparçanyň beýleki duşuşygynda Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy Kýurasaonyň topary bilen oýnady we 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Iki goluň hem awtory hüjümçi Nikola Pepe boldy (7-nji we 64-nji minutlarda). Toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça Ekwador 4 utuk bilen 3-nji orunda tamamlan hem bolsa, iň gowy 3-nji orunlaryň sekizligine girmegi kepillendirildi. Germaniýa (6 utuk) ýaryş tertibiniň 1-nji ornunda barýar, Kot-d’Iwuar (6 utuk) 2-nji orny eýeledi, Kýurasao bolsa (1 utuk) soňky orunda ýerleşdi. 1/16 finalda Kot-d’Iwuar 30-njy iýunda Tehas ştatynyň Arlingtón şäherinde I toparynyň 2-nji ornuny eýelejek ýygyndy bilen duşuşar. Bu orna Fransiýa ýa-da Norwegiýa dalaş edýär. Kot-d’Iwuar dünýä çempionatynda ilkinji gezek pleý-off tapgyryna çykýar. Mundan ozal topar 2006, 2010 we 2014 ýyllarda gatnaşyp, hemişe toparçalaýyn tapgyrdan jemleýji oýunlara çykyp bilmändi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir