Apple 2025-nji ýylda App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny OpenAI-iň ChatGPT çat-boty eýeledi. Hyzmat sekuntda 30 müňden gowrak habary gaýtadan işleýär. Uly ýaşly ulanyjylaryň köpüsi adaty gözleg ulgamlarynyň deregine çat-boty maglumat gözlemek üçin işjeň ulanýar. Amerikan ýetginjekleriniň tas üçden bir bölegi çat-botlara her gün ýüz tutýar we şeýle ýüzlenmeleriň 59%-i hut ChatGPT-niň paýyna düşýär. Hyzmatyň auditoriýasy hepdede 800 million ulanyjydan geçýär. Soňky bir ýylda ol dört esse ýokarlandy, mart aýyndan bäri bolsa 300 milliondan gowrak ulanyjy goşuldy. Şonuň üçin App Store-da ChatGPT-niň öňdebaryjy bolmagy geň däl bolsa gerek. Şeýle-de bolsa, OpenAI durnukly täjirçilik üstünligine ýetmekden heniz uzakda. Häzirki wagtda Google tarapyndan hem bäsdeşlik barha güýçlenýär. Kompaniýa ChatGPT-niň öz gözleg ulgamynyň ýerini tutmagyndan howatyrlanyp, özüniň Gemini modelini Chrome brauzerine we beýleki önümlere derrew girizdi. Gemini Apple-iň programmalar sanawynyň ilkinji onlugyny jemlese-de, onuň meşhurlygynyň artmagy OpenAI-i ygtybarlylyga we öndürijilige üns bermäge mejbur edýär. Bu ugurda ilkinji ädim GPT-5.2 modeliniň işe girizilmegi boldy. App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň sanawynda ikinji orny Threads eýeleýär. Şeýle-de, ilkinji onluga TikTok, WhatsApp, Instagram we YouTube girdi. Facebook on birinji orunda ýerleşdi, Twitter bilen Bluesky bolsa hatda ýigrimiligi-de girmedi. Programmalaryň arasynda CapCut güýçli netije görkezip, on ikinji orny eýeledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir