Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça sanly ulgam arkaly V halkara olimpiada geçirildi. Bu halkara çäresine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen birlikde dünýäniň 14 döwletinden, ýagny, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Italiýadan, Rumyniýadan, Belarus Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Pakistandan, Hindistandan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Azerbaýjan Respublikalaryndan talyplaryň 380 töweregi gatnaşdy. Bäsleşigiň ýumuşlary türkmen, iňlis, rus dillerinde taýýarlandy. Bäsleşige gatnaşyjylardan 19 talybyň iň ýokary netije görkezmegi ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Bu olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ufa döwlet nebit-tehniki uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Nyzamy adyndaky Özbegistanyň milli mugallymçylyk uniwersitetiniň, Hytaý Halk Respublikasyndaky Hinjiang uniwersitetiniň, Täjigistanyň milli uniwersitetiniň, Belarus döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Memfis uniwersitetiniň, Azerbaýjanyň tehniki uniwersitetiniň we L.N.Gumilew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň talyplary ýokary bahalara mynasyp boldular.