Garyşyk söweş sungatynyň russiýaly wekili Umar Nurmagomedow UFC-niň ýeňil agram derejesinde söweşijileriň sanawynda birinji basgançaga galdy. Bu agram derejesinde hereket edýän çempion adyny gruziýaly Merab Dwalişwili saklap gelýär, emma Nurmagomedow indi çempionlyk üçin esasy dalaşgär hasaplanýar. Mundan ozal Umar sanawda ikinji orunda durýardy. 29 ýaşly türgeniň ýakynda amerikaly Mario Bautistany ýeňmegi onuň reýtinginiň ýokarlanmagyna täsir etdi. Netijede, Nurmagomedow ABŞ-nyň wekili Şon O’Melliden öňe geçdi. Häzirki wagtda bu agramdaky ilkinji bäşlik şundan ybarat: Umar Nurmagomedow (Russiýa) Şon O’Melli (ABŞ) Pýotr Ýan (Russiýa) Kori Sendhegen (ABŞ) Sun Ýadun (Hytaý)