Amerikan grafiki prosessor işläp düzüjisi Nvidia-nyň bazar bahasy bäş trillion dollardan geçdi. Netijede, ol taryhda şeýle kapitalizasiýa ýeten ilkinji kompaniýa boldy. 29-njy oktýabrda NASDAQ biržasynda söwdanyň açylyşynda Nvidia-nyň paýnamalary tas 5%, bir paý üçin 210 dollara çenli ýokarlandy, bu hem kompaniýa kapitalizasiýa boýunça rekord derejä ýetmäge mümkinçilik berdi. Bazar bahasy boýunça ikinji orunda Microsoft, üçünji orunda Apple ýerleşýär. Bir gün öň, 28-nji oktýabrda, iPhone öndürijisiniň kapitalizasiýasy ilkinji gezek dört trillion dollardan geçdi. Nvidia we Microsoft bu görkezijiden iýul aýynda geçipdi. Reuters agentliginiň habar berşi ýaly, Nvidia-nyň paýnamalarynyň gymmatlamagy 500 mlrd dollarlyk EA çipleriniň sargytlary baradaky bildiriş we kompaniýanyň ABŞ-nyň hökümeti üçin ýedi sany superkompýuter gurmak meýilnamalary bilen baglanyşyklydyr. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, ösüşiň ýene bir sebäbi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen Nvidia tarapyndan işlenip düzülen Blackwell prosessorlary barada gürleşmekçidigini aýtmagy boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir