2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Windows 10 ulgamynyň resmi taýdan goldawy bes edilenden soň, ulanyjylaryň aglabasy kompýuterlerini täzelemäge karar berdiler. Şeýle-de bolsa, Microsoft täze EA ugry boýunça işleýän Copilot+ noutbuklaryny işjeň mahabatlandyran hem bolsa, ulanyjylaryň ählisi şol tarapa geçmedi — olar tersine, Apple Mac kompýuterlerini saýladylar. Tom’s Hardware-iň Counterpoint Research-e salgylanyp bermegine görä, Mac kompýuterleriniň satuwy ýyl boýunça 14,9% artdy. 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde kompýuter satuwynyň umumy ösüşi 8,1% boldy. Bu ösüşiň esasy sebäpleri: Windows 11 bilen doly gabat gelmeýän köne kompýuterleri çalyşmak zerurlygy, Tramp administrasiýasy tarapyndan import tölegleriniň ýokarlandyrylmagyna garaşylmagy sebäpli öndürijileriň ammarlary doldurmak islegi. Köp kompýuterler tehniki taýdan Windows 11-i işletmäge ukyply bolsa-da, TPM 2.0 moduly bolmandygy sebäpli täzelenme kabul edilmeýär. Öndürijileriň arasynda ýagdaý şeýle: Lenovo — iň gowy netije, satuw 17,4% artdy. Asus — 14%, HP — 10% ösüş. Dell bolsa satuwy 0,9% azaltdy. Galan öndürijiler jemi 3% peseldi. Şeýle-de, giňden mahabat berilýän AI-kompýuterleri entek bazarda sosial kabul ederlikli bolmady. Alyjylar häzirki wagtda operatiw ýadyň mukdaryna, SSD göwrümine, ulgam utgaşyklylygyna ünsi köp berýär. Şol bir wagtyň özünde Intel Raptor Lake prosessorlaryna isleg artýar. Counterpoint Research-iň çaklamasyna görä, 2025-nji ýylda AI kompýuterleriniň üpjünçiligi has hem ösüp biler — sebäbi bazara Qualcomm Snapdragon X2 Elite çipleri we Intel Xe3 grafika arhitekturaly täze modeller giriziler. Kompaniýanyň eksperti Dewid Naranhonyň bellemegine görä, "PC bazarynyň dikelişi diňe köne enjamlaryň çalşylmagy bilen däl, eýsem kärhanalaryň geljekdäki tehnologik talaplara öňünden taýynlyk görmegi bilen hem baglanyşykly".

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir