Adidas Originals brendi amerikaly aýdymçy Farrell Uilliams bilen bilelikde täze Virginia Adistar Jellyfish atly sport aýakgaplarynyň görnüşini çykardy diýip, WWD habar berýär. Täze model 2005-nji ýylda çykarylan Adistar Cushion 3 ylgaw aýakgaplarynyň esasynda döredilipdir. Ol meduzanyň şekilinden ylham alan uly, heýkel görnüşli dabany bilen tapawutlanýar. Täze aýakgap gök reňkde hödürlenýär, ozal bolsa şol görnüşdäki aýakgaplar mämişi, ýaşyl we çal reňklerde çykarylypdy. Virginia Adistar Jellyfish sport aýakgaplarynyň satuwy 26-njy oktýabrda başlandy. Bahasy — 300 amerikan dollary. Olar diňe Las-Wegasdaky adidas Brand Center dükanynda satylýar.