Şençhende köçelerde we hatda metroda hem 10 000 sany robotlaşdyrylan furgon gatnadylyp başlandy. Olar SF Express atly logistika kompaniýasy tarapyndan ýükleri adam gatnaşmazdan daşamak üçin ulanylýar. Bu furgonlary Neolix kompaniýasy öndürýär. Olar 500 kilograma çenli ýük we 3 kub metr göwrüm daşap bilýär diýip, Nikkei Asian Review habar berýär. Robot-furgonlar öňünden kesgitlenen ugurlar boýunça hereket edýär we päsgelçilik ýüze çyksa awtomatiki saklanýar. Pyýadalaryň howpsuzlygy üçin olar ses arkaly iki metr aralyk saklamagy duýdurýarlar. Metrolarda bolsa furgonlar ýükleri otlularyň ýanyna eltýär, soňra bolsa ol otlular bu ýükleri ýerasty logistika merkezlerine ýetirýär. Bu usul eltip bermegiň tizligini artdyrýar we şäher meýdanlaryny netijeli ulanmaga ýardam berýär. Neolix kompaniýasy häzirki 10 000 sany furgonyň sanyny on ýylyň içinde 10 milliona ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu ulaglaryň öndürilişi adaty transportdan 20–30% arzan, sebäbi sürüjiniň, kondisioneriň ýa-da ses ulgamynyň bolmazlygy çykdajylary azaldýar, hem-de aýlyk tölemek zerurlygy aradan aýrylýar. Robot-furgonlaryň ulanylyşy häzirki wagtda diňe şäher içi we ýapyk sebitler bilen çäklenýär. Olar häzirlikçe ýükleri awtomatik tertipleşdirip bilmeýärler ýa-da müşderiniň gapysyna çenli eltmeýärler. Şeýle hem şäherara ugurlar heniz elýeterli däl, sebäbi ýokary tizlikde hereket etmek howply hasaplanylýar. Neolix kompaniýasynyň müşderileri hökmünde SF Express, JD Logistics we China Post görkezilýär. Kompaniýa şeýle hem içerki bazardaky tejribesine daýanyp, robot-furgonlaryny Hytaýdan daşyna eksport etmäge we daşary ýurtly startaplar bilen bäsleşmäge taýýarlanýar.