Toyota kompaniýasy ýörite SEMA týuning sergisi üçin döredilen Camry GT-S sedanynyň konseptini hödürledi. Awtomobil has agras görnüşe eýe boldy, ýöne zawod stilini saklady – inženerler ony önümçilik modeline meňzeş etmäge çalyşdy. Adaty wersiýadan Camry GT-S kuzowyň ýiti reňki bilen tapawutlanýar – onda mämişi bilen gara reňk utgaşýar. Sedan özboluşly öň bamper we yzky diffuzor bilen täze aerodinamiki elementlere eýe boldy. Tehniki tarapdan ulag üýtgewsiz galdy diýen ýaly. Kapotyň aşagynda önümçilik wersiýalaryndaky ýaly 232 at güýjüni berýän 2,5 litrlik içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň esasynda gibrid enjam oturdyldy. Ýöne inženerler awtoulagyň işleýän bölegine üýtgeşme girizdi: koýlowerde sazlanýan podweska oturdyldy, şol sebäpli klirens 30 mm peseldi. Şeýle-de, awtomobil Michelin Pilot Sport Cup 2 tekerleri bilen 20 dýuýmlyk disklere we sekiz porşenli tormoz supportlaryna eýe boldy. Bu üýtgeşmeler sedanyň dolandyryjylygyny ýokarlandyrmaly. Kompaniýa serginiň myhmanlarynyň GT-S konseptine bolan garaýşyny öwrenjekdigini belledi. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, taslama yzygiderli çykarylýan Camry-nyň geljekki ösüş mümkinçiliklerine baha bermäge kömek eder.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir