Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Hazarýaka döwletleriň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň Assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. «Türkmenistan: Altyn asyry» neşiriniň habar bermegine görä, ady agzalan türkmen ýokary okuw mekdebini agzalyga kabul etmek baradaky çözgüt Hazarýaka döwletleriň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň Assosiasiýasynyň 16–17-nji oktýabr günlerinde Atyrau şäherinde geçirilen XXVII Baş assambleýasynyň çäginde makullanyldy. Oňa Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Russiýanyň uniwersitetleriniň hem-de ylmy-barlag guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Assosiasiýanyň agzalygyna goşulmagy halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, Hazarýaka sebitiniň ýurtlarynyň uniwersitetleri we ylmy-barlag institutlary bilen akademiki we ylmy gatnaşyklary berkitmek, bilelikdäki ylmy-barlag başlangyçlaryny durmuşa geçirmek we tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, habarda bellenilýär.