Time žurnaly Time’s Best Inventions 2025 reýtingini – soňky 365 günde döredilen iň möhüm oýlap tapyşlaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl redaksiýa 300 innowasiýany saýlady – bu öňkülerden has köpdür. Oýlap tapyşlar kategoriýalar boýunça bölündi: robototehnika, gözellik, dynç alyş, saglyk, dizaýn, oba hojalygy, iýmit, emeli aň we beýlekiler. Hünärmenler olara üç ölçeg boýunça baha berdi: netijelilik, potensial we täsir. Reýtinge hojalyk enjamlaryndan başlap, ösen tehnologiýalara çenli onlarça gyzykly innowasiýa girdi. Şol sanda şu aşakdakylar hem bar: ·Ilkinji eplenýän proýektor Aurzen Zip Tri-Fold; ·Öz-özi gyzýan krossowka Nike Hyperboot; ·Volvo Smart Belt – ýolagça görä sazlanýan akylly howpsuzlyk kemeri; ·Samsung Premiere 5 – şekili stola ýa-da pola geçirýän proýektor; ·Huawei Pura 80 Ultra smartfony – neşir ony soňky ýyllaryň iň gowy kamerofony diýip atlandyrdy; ·Nekojita FuFu – gap-gaçlaryň gyrasyna berkidilýän we howa akymy arkaly içgileri ýa-da iýmiti sowadýan robot-pişik; ·Whiter Paint – şöhläni şeýle bir gowy serpikdirýän boýag bolup, üsti 4,5°C sowadýar; ·Figure 03 – ýylyň iň innowasion gumanoid roboty; ·Deepseek R1 – öz arzanlygy we hemmetaraplaýynlygy bilen EA bazarynda howsala döreden hytaý çat-boty; ·AirPods Pro 3 – pulsy yzarlaýan we hakyky wagtda terjime edýän ýylyň iň gowy simsiz nauşnigi; ·Aerogami – Nike-dan daşky temperatura baglylykda gysylyp we ýazylyp, adamy derletmeýän akylly kurtka; ·Adobe Photoshop Generative Expand – Adobe-yň suratyň üstüni ýetirýän, ony giňeldýän we suratdaky predmetleri üýtgedýän EA suratkeşi; ·Verge TS Pro – iň ýokary ýol ätiýajy bolan elektromotosikl. 2025-nji ýylda motosikl bir zarýadda 310 kilometrden gowrak ýol geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi; ·Samsung Galaxy Z Flip5 – neşiriň pikiriçe, adamzadyň häzire çenli gören iň gowy eplenýän smartfony; ·Alef Aeronautics Model A – uçýan giperkar; ·Vision Pro – Apple-iň ilkinji AR garniturasy; ·Shift Robotics Moonwalkers – islendik aýakgaba dakylýan we adamyň ýöreýşini 250% çaltlaşdyrýan rolik; ·Salistick – göwreliligi peşew däl-de, aýalyň tüýküligi boýunça kesgitleýän dünýäde ilkinji göwrelilik testi; ·QingYing E&T iMicro – islendik smartfonyň kamera obýektiwine dakylýan barmagyň ujy ýaly mikroskop; ·Honor V Purse – dünýäde ilkinji smartfon-klatç; ·Las-Wegasda şar şekilli MSG Sphere dynç alyş merkezi; ·BMW iX Flow hameleon awtomobili; ·DALL·E – tekst beýany boýunça hakyky şekilleri döretmek üçin OpenAI-den emeli aň. Redaktorlar innowasiýalaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny we munuň sanawda görkezilendigini belledi. Oýlap tapyşlaryň doly sanawy şu salgy boýunça žurnalyň resmi saýtynda elýeterlidir.