Yamaha kompaniýasy Motodroid 2 konseptini hödürledi. Bu deňagramlylygy saklap, adamyň kömegi bolmazdan hereket edip, sürüjisiz ýöräp bilýän motosikldir. Model özbaşdak aýaga durup, ony ýygnap bilýär, şeýle-de adama motosikliň üstünde dik, ýarym ýatan ýaly dürli ýagdaýda oturmaga mümkinçilik berýär. Motosikl eýesiniň hereketlerini we ýüz keşbini hasaba alýan kameralar bilen enjamlaşdyryldy. Buýruklary eliň ýa-da adaty ruluň ýerini tutýan iki gapdal tutarlara eliňi degirmek bilen berip bolýar. Wizual jogap gatnaşygy üçin iş režimine we EA-nyň reaksiýasyna görä reňkini we ýagtylygyny üýtgedýän içinden ýagtylandyryş göz öňünde tutuldy. Motodroid 2 öňe we yza, ýolagçyly we ýolagçysyz hereket edip bilýär. Häzirlikçe Yamaha-nyň konseptiň haýsy tehnologiýasyny önümçilik motosikllerine ornaşdyrmagy meýilleşdirýändigi belli däl. Ýöne Motodroid 2 eýýäm iki tigirli enjamlaryň geljegini görkezýär: ol özbaşdak, akylly we has janly görünýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir