Apple kompaniýasy ilkinji iPhone modeliniň çykan gününden bäri 3 milliarddan gowrak enjam satandygyny habar berdi. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Tim Kuk 2025-nji ýylyň üçünji maliýe çärýeginiň hasabatyny tanyşdyranda aýtdy diýip, TechCrunch habar berýär. iPhone-nyň taryhy eýýäm 18 ýyllyk döwri öz içine alýar — ilkinji model 2007-nji ýylda çykypdy. Ilkinji milliarda ýetmek üçin Apple 9 ýyl sarp etdi. Ikinji milliarda baş ýylda ýetdi, üçünji milliarda bolsa eýýäm 4 ýylyň dowamynda ýetdi. Iň köp satylan modelleriň arasynda 2020-nji ýylda çykarylan iPhone 12 ýerleşýär. Bu modelden 250 milliondan gowragy satyldy. iPhone 6 we 6 Plus modeli 220 milliondan gowrak satuw bilen ikinji orunda ýerleşýär. 2025-nji ýylyň III çärýegi boýunça Apple-nyň girdejileri: Jemi girdeji: $94,04 milliard (2024-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda +10%) iPhone: $44,58 milliard (+13,5%) Mac: $8,05 milliard (+8%) iPad: $6,58 milliard (–14,8%) Aksessuarlar (AirPods, AirTag, Apple Watch we beýlekiler): $7,4 milliard Hyzmatlar (App Store, iCloud, Apple Music we ş.m.): $27,42 milliard Kompaniýa indiki çärýekde girdejiniň 1% artmagyna garaşýar hem-de hatda ABŞ-nyň gümrük syýasatyndaky üýtgeşmelere garamazdan 46–47% aralygynda girdeji çelgisini saklamagy meýilleşdirýär. Hasabatdan soňra Apple-nyň paýnamalarynyň bahasy 2% ýokarlandy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir