Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: Buhgalterçilik hasaba alnyşy. Maliýe we karz. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. Salgytlar we salgyt salmak. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary. Okuwyň möhleti 2 ýyl. Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 18-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Giriş synaglary we okuwa kabul etmeklik Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär. Salgysy: Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112. Telefonlar: 49-64-29, 49-00-52.