Polşaly tennisçi Iga Swýontek “Uimbldonyň” zenanlaryň arasyndaky finalynyň taryhynda iň uly ýeňişleriň birini gazandy. Dünýäniň dördünji raketkasy ýaryşda amerikaly Amanda Anisimowany (№ 12 WTA) 6:0, 6:0 hasabynda utdy. Oýun bary-ýogy 57 minut dowam etdi. Bu soňky 114 ýylda zenanlar finalynyň ilkinji gezek 6:0, 6:0 hasabynda tamamlanmagy boldy. Soňky gezek şeýle netije 1911-nji ýylda hasaba alyndy: şonda Doroteýa Lambert-Çambers şeýle hasap bilen Dora Butbini utdy. Swýontek üçin bu karýerasynda ilkinji “Uimbldon” tituly boldy. Ozal ol dört gezek “Rolan Garrosda” (2020, 2022, 2023, 2024) we bir gezek “US Open-de” (2022) ýeňiş gazandy. “Uimbldon” 13-nji iýulda tamamlanar. Erkekleriň finalynda titul üçin ispaniýaly Karlos Alkaras bilen italiýaly Ýannik Sinner göreşer. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 53,55 mln funt sterlinge barabar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir