2025-nji ýylyň iýulynda Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan öňe geçip, stolüsti kompýuterler üçin iň köp ulanylýan operasion ulgam boldy. StatCounter-iň berýän maglumatlaryna görä, Windows 11 häzirki dünýä bazarynyň 52%-ini eýeledi, Windows 10-yň paýy bolsa 44,59%-e çenli azaldy. Ýokary ulgam talaplary sebäpli Windows-yň 11-nji wersiýasynyň ýaýraýşy haýal gidýärdi. Windows 10-yň mugt täzelenmesi prosessorlarynyň könelendigi we howpsuzlyk çäklendirmeleri sebäpli köp ulanyjy üçin elýeterli däldi. Microsoft gabat gelmeýän enjamlaryň eýelerini täze OS-a geçmek üçin enjamlaryny täzelemeklige yzygiderli çagyrýar. 400 million enjama gurnalmak üçin Windows 11-e iki ýyl gerek boldy, Windows 10 bolsa bu görkezijä bir ýylda ýetdi. OS-yň 10-njy wersiýasy üçin goldaw 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda tamamlanar. Şondan soň ulanyjylar ýylda 30 $ abuna ýazylmak arkaly tölegli howpsuzlyk täzelenmelerini alyp bilerler. Bu programma käbir ýurtlarda elýeterli bolmasa-da, 2028-nji ýyla çenli dowam eder. Şeýle hem, Microsoft “Resminamalar” bukjasyny OneDrive bilen sinhronlaýan we ätiýaçdan nusgalamak funksiýasyny ulanýan ulanyjylar üçin mugt bir ýyllyk goşmaça täzelenmeler hödürledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir