Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlaryna satylan biletleriň umumy sany 2 milliona ýetdi. Ýaryşyň her oýnuna ortaça 35 müň tomaşaçy gelýär. Bu barada žurnalist Kawe Solekol habar berdi. Ýaryşyň iň köp tomaşaçy ýygnan oýny toparlaýyn tapgyrda «Pari Sen-Žermen» bilen «Atletikonyň» (4:0) arasyndaky duşuşyk boldy — bu oýna 80 819 adam tomaşa etdi. Iň köp tomaşa edilen oýunlaryň hataryna «Real», «PSŽ», «Bawariýa», «Inter», «Ýuwentus» hem-de «Boka Huniors» toparlarynyň gatnaşan duşuşyklary hem girýär. Bellenilişi ýaly, iň köp tomaşa edilen ýedi oýnuň hataryna iňlis klublarynyň gatnaşan hiç bir duşuşygy ýok.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir