Toyota ýolsuz ýerler üçin niýetlenen «Land Cruiser 300» kysymly awtoulagynyň täze modifikasiýasyny – gibrid wersiýasyny hödürledi. Ol eýýäm BAE-de sargyt etmek üçin elýeterli. Ol 2026-njy model ýylyndan başlap, Awstraliýada hem satuwa çykarylar. Bu modeliň esasy tapawudy, onuň «Lexus LX 700h-dan» alnan gibrid güýç ulgamydyr. Güýji birneme peseldilen hem bolsa, «Land Cruiser 300 Hybrid» seriýanyň iň güýçlüsi boldy. Güýç ulgamy 3,5 litrlik benzinli V6 hereketlendirijiden, elektrohereketlendirijiden we 10 basgançakly awtomatiki karobkadan ybarat. «Lexus LX 700h-da» bu ulgam 464 at güýjüni we 790 Nm torky üpjün edýär. «Land Cruiser 300 Hybrid» üçin bolsa, 457 at güýji görkezilýär, torky bolsa öňküsi ýaly – 790 Nm. Ulagyň ýangyç sarp edişi her 100 kilometre 10,9 litrdir. Daşky görnüşinde gibrid wersiýasy özboluşly öňdäki bamperi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem adaty «Land Cruiser 300» modeline meňzeş GR Sport modifikasiýasy hem hödürlenýär. Bellenmegine görä, ulagyň elektrikli ulgamy goşmaça gorag bilen üpjün edilipdir we ýolsuz ýerlerdäki mümkinçilikleri öňki derejesinde saklanypdyr. Hatda elektrohereketlendiriji işlemedik ýagdaýynda-da, ulag diňe benzinli hereketlendiriji arkaly hereketini dowam etdirip biler. BAE-de «Land Cruiser 300 Hybrid-iň» bahasy 389 900 dirhemden (takmynan, 106 müň dollardan) başlanýar. Deňeşdirsek, adaty 3,5 litrlik V6 hereketlendirijili wersiýasy 329 müň 900 dirhem (takmynan, 89,8 müň dollar) diýlip bahalandyrylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir