Ferrari kompaniýasy 296 GTB Speciale ady bilen 296 GTB modeliniň kämilleşdirilen wersiýasyny hödürledi. Bu brendiň hatarynda iň ykjam modeldir. Kupe bilen bilelikde üsti açyk wersiýa – 296 Speciale A hem çykaryldy. Gibrid enjamynyň kuwwaty 830 at güýjünden 880 at güýjüne çenli artdyryldy. Hereketlendirijä F80 giperkaryndan alýumin porşenler we titan şatunlar goşuldy. Sowadyş enjamy kämilleşdirildi. Sekiz basgançakly robotizirlenen guty ähli kuwwaty yzky oka geçirýär. Tizligi 100 km/sag çenli artdyrmak 2,8 sekunt, 200 km/sag çenli – 7 sekunt wagt alýar. Synag ýolunda aýlawy geçmegiň wagty 1 minut 21 sekuntdan 1 minut 19 sekunta çenli azaldy. Awtomobiliň agramy ýönekeýleşdirilen interýeriň we ýeňilleşdirilen hereketlendiriji bölekleriniň hasabyna 60 kg azaldy. Aerodinamiki kämilleşdirmeleriň netijesinde kuzow asfalta 5 mm ýakyn boldy. 296 GTB Speciale kupesi Michelin Pilot Sport Cup 2 tekerleri, 296 GT3-däki ýaly titan pružinalar we Multimatic amortizatorlary bilen enjamlaşdyryldy. Tapawutly tarapy gazyň çykyş sesi boldy. Täze ulag üçin ýörite ýaşyl reňk Verde Nýurburgring taýýarlandy. 296 GTB Speciale we Speciale A üçin bahalar heniz yglan edilmedi. Belläp geçsek, Ferrari-niň 2025-nji ýylda esasy premýerasy elektrokar bolmaly. Ol 9-njy oktýabrda görkeziler.