Xiaomi kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça alanyňda, soňky on ýylyň dowamynda ilkinji gezek içerki smartfon bazarynda lider boldy. «Canalys» analitikleriniň hasaplamalaryna görä, hasabat döwründe öndüriji 13,3 million smartfon satyp, bazaryň 19%-ine eýe boldy. Xiaomi-niň beýle netijä ýetmegine, onuň mobil biznesi bilen dakylýan elektronikalar, kompýuterler we hatda elektromobiller ýaly giň ekoulgamdaky sinergiýasy kömek etdi. Hytaý bazaryndaky iň iri smartfon öndürijileriň sanawynda ikinji orny bolsa, az-kem tapawut bilen Huawei eýeledi. Şol döwürde kompaniýa 13 million smartfon satyp, bazaryň 18%-ini eýeledi. Liderleriň yzysüre Oppo we Vivo brendleri gelýär. Hasabat döwründe olar, degişlilikde, 10,6 million we 10,4 million smartfon satdylar. Has geň galdyryjy ýagdaý bolsa, Apple kompaniýasynyň bäşinji orna düşmegi boldy. Amerikaly kompaniýa üç aýyň dowamynda 9,2 million iPhone satdy. Bu bolsa geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 8% azdyr. Umuman, Hytaýyň smartfon bazary 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde sähelçe ösüş gazandy. Jemi satuw 70,9 million enjam boldy, bu bolsa 2024-nji ýylyň birinji çärýegine garanyňda 5% köpdür.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir