Häzirki wagtda WhatsApp-yň aýlyk işjeň ulanyjy sany 3 milliarddan geçýär diýip, Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg çärýekleýin maliýe hasabatyndan soň geçirilen brifingde mälim etdi. Bu barada «TechCrunch» habar berýär. 2009-njy ýylda işe girizilen we 2014-nji ýylda Facebook kompaniýasy (häzirki wagtda Meta) tarapyndan 19 milliard dollara satyn alnan WhatsApp messenjeri häzirki günlerde hem ulanyjylar üçin mugt we onda hiç hili mahabat görkezilmeýär. Bu messenjer eýýäm 2020-nji ýylda 2 milliard aýlyk işjeň ulanyjy çäginden geçipdi. Indi bolsa, Facebook bilen bilelikde 3 milliard ulanyjy derejesine ýetmegi başaran seýrek programmalaryň birine öwrüldi. Şeýle ägirt uly ulanyjy binýady aýratyn-da kompaniýanyň häzirki wagtda emeli aň strategiýasyna uly ähmiýet berýändigini göz öňünde tutaňda, WhatsApp-y Meta üçin esasy taslamalaryň birine öwürýär. WhatsApp Business platformasy hem örän çalt ösýär. Ol programmalar toparyndan gelen 510 million dollarlyk girdejiniň ep-esli bölegini düzýär.