Irlandiýanyň maglumatlary goramak boýunça komissiýasy ÝB-niň maglumatlaryň goralmagy boýunça umumy düzgünleriniň (GDPR) talaplaryny bozandygy üçin, TikTok-yň eýesi bolan ByteDance kompaniýasyna 530 million ýewro möçberinde jerime saldy. Bu barada «Reuters» agentligi habar berýär. Komissiýa ByteDance kompaniýasynyň Hytaýdaky işgärleriniň ÝB-niň ulanyjylarynyň maglumatlaryna elýeterliligini çäklendirýändigini subut edip bilmändigini anyklady. Ýewropanyň kanunçylygy maglumatlaryň ÝB-niň çäginde saklanylmagyny talap edýär. Kompaniýa maglumatlaryň işlenilişini alty aýyň dowamynda ÝB-niň kanunlaryna laýyk getirmäge borçlandyryldy. ByteDance kompaniýasynyň wekilleri bu karara garşy çykjakdyklaryny mälim etdiler. Olar bu çözgüdiň 2023-nji ýylda girizilen howpsuzlyk çärelerini hasaba almaýandygyny öňe sürýärler. ByteDance kompaniýasy ÝB-däki ulanyjylaryň maglumatlarynyň Ýewropada we ABŞ-da ýerleşýän ýörite maglumat merkezlerinde saklanýandygyny, şeýle-de bu maglumatlara elýeterlilik babatda hytaý häkimiýetlerinden hiç haçan resmi talabyň gelip gowuşmandygyny düşündirdi. TikTok-yň Ýewropadaky ulanyjy sany, takmynan, 175 million adama barabar. Bu ByteDance üçin ilkinji sebitleýin uly jerime däl. 2023-nji ýylda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň şahsy maglumatlaryny işlemegiň düzgünlerini bozandygy üçin, kompaniýa 345 million ýewro jerime salnypdy.