Meksikaly boksçy Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde absolýut dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy. Ol Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen 12 raundlyk söweşde kubaly Uilýam Skulldan emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen üstün çykdy. Alwares WBC, WBA we WBO boýunça dünýä çempiony titullaryny gorady hem-de Skulldan IBF-niň guşagyny aldy. 34 ýaşly meksikaly üçin bu WBC-niň we WBA-nyň titulynyň sekizinji, WBO-nyň – altynjy goragy boldy. Geçen ýyl Alwares Skulla garşy IBF-niň guşagyny goramakdan ýüz öwrenden soň absolýut çempion adyny ýitirdi. Şol wagt ol puertorikoly Edgar Berlanga bilen söweşi saýlap, ony emin agzalarynyň karary bilen ýeňdi. Alwares ilkinji gezek 2021-nji ýylda absolýut dünýä çempiony boldy we bu ady üç gezek gorady. 2022-nji ýylda 79,38 kg çenli agramda WBA-nyň tituly üçin söweşde russiýaly Dmitriý Biwoldan ýeňildi. Indi Alwaresiň hasabynda 63 ýeňiş bolup, olardan 39-ysyny nokaut arkaly gazandy. Şeýle-de, onuň 2 ýeňlişi we 2 deňligi bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir