Canalys kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde global smartfon üpjünçiligi barada maglumatlary hödürledi. Analitiki kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu döwürde 296,9 mln smartfon iberildi – bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 0,2% köpdür. Ösüş Hytaýda we ABŞ-da hasaba alyndy, ýöne Hindistanda, Ýewropada, Latyn Amerikasynda we Ýakyn Gündogarda pese gaçyş hasaba alynýar. Bu sebitlerde bazar doly bolup, sarp edijiler täze gurluşlary az satyn alyp başlady. Ýewropada ammarlarda flagman modelleriň ätiýaçlyklary köpeldi, orta we pes bahaly smartfonlaryň üpjünçiligi bolsa ekodizaýn boýunça taýýarlanýan direktiwa sebäpli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Afrikada bölek söwdanyň işjeňleşmegi netijesinde satuw ýokarlandy. Vivo we Honor kompaniýalary daşary ýurt bazarlarynda iki belgili ösüş barada habar berdi. Honor Hytaýdan daşary üpjünçiligiň rekord derejesini gazandy. Apple täze nyrhlaryň girizilmek ähtimallygy sebäpli ABŞ-a smartfon ibermegini artdyrdy. iPhone-yň esasy önümçiligi Hytaýda bolsa-da, birinji çärýekde kompaniýa Hindistanda iPhone 15 we 16 modelleriniň önümçiligini işjeňleşdirdi. Samsung 20% paý (60,5 mln smartfon) bilen birinji orny eýeledi. Apple 19% (55 mln) bilen ikinji, Xiaomi 14% (41,8 mln) bilen üçünji orunda ýerleşýär. Vivo we Oppo, degişlilikde, 22,9 we 22,7 mln smartfon iberdi. Canalys täze modelleriň satuwynyň we ammardaky ätiýaçlyklaryň azaldylmagynyň satuwy ýokarlandyrjakdygyny, ýöne $200-400 segmentinde bäsdeşligiň güýçlenjekdigini çaklaýar.