Duolingo indi 148 sany täze dil okuwynyň bardygyny habar berdi. Olary çalt döretmek üçin kompaniýa generatiw emeli aňdan peýdalandy. Ozal şeýle okuwlary döretmek üçin birnäçe ýyl gerek bolýardy, indi bolsa muny EA-nyň kömegi bilen has tiz etmek bolýar. Indi iň meşhur ýedi sany dili – ispan, fransuz, nemes, italýan, ýapon, koreý we hytaý dillerini 28 dürli dilde öwrenip bolýar. Bu bütin dünýä boýunça milliardlarça ulanyja öz ene dilinde öwrenmäge mümkinçilik berýär. Ulgam “umumy mazmun” ideýasyna esaslanýar. Ol esasy okuw sapagyny döretmäge mümkinçilik berýär, soň olar dürli dillere geçirilýär. EA okuw ýumuşlaryny döretmäge we barlamaga hem kömek edýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu okuwyň ýokary hilini üpjün edýär. Duolingo-nyň baş direktory Luis fon An Duolingo-nyň “emeli aňa gönükdirilen kompaniýa öwrülýändigini” belledi. Ol ozal adamlar tarapyndan ýerine ýetirilýän prosesiň indi kem-kemden awtomatizirlenýändigini aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir