“Barselona” futbol kluby Trewis Skottyň brendi bolan Cactus Jack logotipli çäkli sanda çykarylan futbolkalaryny satmak bilen 1,58 million ýewro töweregi girdeji gazandy. Kolleksiýa Madridiň “Realy” bilen boljak oýundan öň artist bilen bilelikde çykaryldy we irden satuwa goýberildi. BeIN Sports -yň habar bermegine görä, futbolkalaryň hemmesi takmynan 30 minutyň içinde satylyp gutaryldy. 3798 sany standart nusga 399,99 ýewrodan, 22 sany gol çekilen görnüşi 2999,99 ýewrodan satyldy. beIN Sports bu satuwy rekord tizlikdäki satuw diýip atlandyrýar. 11-nji maýda Madridiň “Realy” bilen boljak oýunda erkekler toparynyň formasynda Cactus Jack logotipi peýda bolar. Zenanlar topary şeýle futbolkalarda 18-nji maýda F ligasynda oýnar. Spotify bilen hyzmatdaşlygyň çäginde bu eýýäm “Barselonanyň” altynjy aýdym-saz hyzmatdaşlygydyr. Ondan öň “Barselonanyň” futbolkalarynda Coldplay, KAROL G, The Rolling Stones, ROSALÍA we Drake logotipleri peýda bolupdy. "El Klasiko - dünýäniň üns merkezinde durýan pursat. Spotify we “Barselona” bilen hyzmatdaşlyk etmek meniň älemimi özleriniňki bilen birleşdirmek üçin mümkinçilik. Bu ýöne bir futbolkadaky Cactus Jack logotipi däl. Bu ses bilen sportuň arasyndaky serhedi pozup aýyrýan täze bir zady döretmek "- diýip, Trewis Skott hyzmatdaşlyga teswir berdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir