Dünýä boýunça täze rekord goýuldy – 18 sagadyň dowamynda alty dürli göteriji raketa orbita ugradyldy diýip, «Space.com» habar berýär. Ilkinji uçuş Hytaýda boldy: 29-njy aprelde gijesine Haýnan adasyndaky Wençan kosmodromyndan «Long March 5B» raketasy Guowang hemra ulgamy üçin niýetlenen hemralary orbita çykardy. 32 minut soň, ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Wandenberg bazasyndan SpaceX kompaniýasynyň «Falcon 9» raketasy uçuryldy we ol 27 sany Starlink hemrasyny orbita ýerleşdirdi. Nobatdaky uçuş 29-njy aprelde irden amala aşyryldy. United Launch Alliance kompaniýasynyň «Atlas V» raketasy Amazon kompaniýasynyň Project Kuiper atly hemra ulgamynyň ilkinji hemralaryny Kanaweral burnundaky kosmodromdan uçuryp, orbita çykardy. Şondan 3,5 sagat soň, Kennedi kosmos merkezinden uçurylan ýene bir «Falcon 9» raketasy 23 sany Starlink hemrasyny orbita ýerleşdirdi. Soňra Arianespace kompaniýasynyň «Vega-C» raketasy Fransuz Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan Ýewropa kosmos agentliginiň (ESA) Biomass atly hemrasyny üstünlikli ýagdaýda uçurdy. Ahyrky uçuş bolsa Firefly Aerospace kompaniýasynyň «Alpha» raketasy bilen Wandenberg bazasyndan (ABŞ) amala aşyryldy. Emma bu uçuş basgançaklaryň aýrylyş pursadynda heläkçilik bilen tamamlandy we peýdaly ýük ýitirildi.