BMW we Toyota wodorod tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaklaryny tizleşdirýär BMW wodorod tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegi boýunça meýilnamalaryny resmi taýdan tassyklady. Kompaniýa häzirki wagtda «iX5 Hydrogen» atly wodorodly modeli synag edýär we 2028-nji ýyla çenli Toyota bilen hyzmatdaşlykda wodorod bilen işleýän awtoulagyň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «QQ News» habar berýär. BMW-niň wodorod tehnologiýalary boýunça ýolbaşçysy Ýurgen Gýuldneriň sözlerine görä, bu tehnologiýa käbir müşderiler üçin örän peýdaly bolup biler. Hususan-da, batareýaly elektrokarlar olaryň iş endiklerine laýyk gelmeýän bolsa ýa-da infrastrukturada ýetmezçilik bar bolsa, wodorodly ulaglar olar üçin has gowy alternatiwa bolup biler. Wodorodly awtoulaglar hem benzinli ulaglar ýaly elektrikli dinamikany we ýangyjyň tiz doldurylmagyny üpjün edýär. Wodorodly içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerinden tapawutlylykda, BMW ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýan ýangyç elementlerine üns berýär. Şeýle-de kompaniýa önümçilik proseslerinde hem wodorody ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär, ol tebigy gaza alternatiwa hökmünde göz öňünde tutulýar. Wodorod infrastrukturasynyň heniz doly ösmändigine garamazdan, BMW bu tehnologiýany uzak möhletleýin alternatiwa hökmünde görýär we ony geljek ýyllaryň strategiýasynyň bir bölegi hökmünde, ekologiýa taýdan arassa çözgüt hökmünde kabul edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir