025-nji ýylyň ahyryna çenli WhatsApp messenjeriniň web wersiýasynda ulanyjylara audio we wideo jaňlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän funksiýa elýeterli bolar diýip, WABetaInfo habar berýär. Ondan öň jaňlar diňe Android we iPhone üçin ykjam programmalarda, şeýle hem Windows we macOS üçin desktop wersiýasynda bardy. Brauzerde ulanyjylar diňe tekst iberip, faýl goşup we ses habarlaryny ýazyp bilýärdiler. Indi ýagdaý üýtgär. Ulanyjylar Safari, Google Chrome, Edge ýa-da Opera ýaly brauzerlerde WhatsApp açyp, aýratynlykda ýa-da toparlaýyn jaňlaşyp bilerler. Jaň etmek üçin düwmeler interfeýsiň ýokarky sag burçunda peýda bolar. Jaňa başlamak üçin brauzer kamera we mikrofona girmek üçin rugsat sorar. Bu rugsat bolmasa jaň edip bolmaz. WhatsApp-daky ähli maglumatlar, wersiýasyna (ykjam, desktop ýa-da web) garamazdan, howpsuzlygyny üpjün edýän ahyrky şifrlemek bilen goralýar. Täze funksiýanyň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli elýeterli bolmagyna garaşylýar. WhatsApp-yň bäsdeşlerinde eýýäm şuňa meňzeş mümkinçilik bar. Mysal üçin, Microsoft Teams we Google Meet brauzer esasly jaňy goldaýar. WhatsApp-yň esasy bäsdeşi bolan Telegram, web wersiýasynda jaň etmek bireýýämden bäri elýeter.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir