BMW 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginden başlap, awtoulaglaryna DeepSeek emeli aň ulgamyny ornaşdyrmaga taýynlanýar. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär. Kompaniýa meşhur çat-botuň nähili işlejekdigini ozal hem düşündiripdi. DeepSeek BMW-niň akylly şahsy kömekçisine goşulyp, bort kompýuteriniň mümkinçiliklerini has-da giňelder. Bu ulgam sada gepleşik diline düşünip biler. Mysal üçin, «iň ýakyn söwda merkezine azyk almaga gideli» diýip aýtsaňyz, ýeterlik bolar. Şeýle-de ulgam ulanyjynyň maksadyna düşünip, söwda merkezleri boýunça goşmaça maslahatlary hödürlär. Şeýle hem emeli aň çylşyrymly soraglara düşünip, döredijilikli jogaplary berip biler. Mysal üçin, «ogluma gara girdaplaryň nämedigini hekaýa ýaly edip düşündir» diýseňiz, DeepSeek bu talaba laýyklykda, çaganyň aňyna aňsatlyk bilen girjek, düşnükli, gyzykly hekaýa düzüp, aýdyp berer. Bu tehnologiýa ilkinji bolup iDrive 9 operasion ulgamy bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglarda, şol sanda uzaldylan teker aralygy bolan BMW 5 hatarynda, dolulygyna elektrikli BMW i5-de we täze uzaldylan teker aralygy bolan BMW X3 modellerinde peýda bolar. Geljekde bu ulgamyň BMW-niň beýleki modellerinde hem peýda bolmagyna garaşylýar.