Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň soňky maglumatlaryna görä, Xiaomi YU7 elektromobiliniň täze görnüşi 835 km ýol ätiýaçlygy bilen çykarylar. Şeýlelikde, indi bir elektromotorly modelleriň hatarynda geçýän aralygy boýunça dört görnüş elýeterli bolar: 725, 810, 820 we 835 km. Täze görnüşiň resmi tanyşdyrylyşynyň 2025-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda bolmagyna garaşylýar diýip, «Gasgoo» habar berýär. Täze görnüşli Xiaomi YU7 235 kWt kuwwatly elektromotor bilen enjamlaşdyrylar, onuň ortaça energiýa sarp edişi her 100 kilometr üçin 13,3 kWt-sagat bolar. Elektromobiliň agramy 2315 kg-a ýetýär. Bir hereketlendirijili görnüşlerden başga-da, hatarda öňdäki hereketlendirijisi 220 kWt we yzky hereketlendirijisi 288 kWt çenli bolan iki hereketlendirijili görnüşler hem bolar. Ozalky maglumatlara görä, model enjamlaşdyrylyşyna görä 96,3 ýa-da 101,7 kWt-sagat kuwwatly batareýalar bilen üpjün ediler. 835 km aralyk geçýän görnüşiň batareýasynyň anyk aýratynlyklary häzirlikçe mälim edilmedi. Daşky görnüşi boýunça Xiaomi YU7 öňki SU7 modeline meňzeýär: tekiz kuzow çyzyklary, gizlin gapy tutawaçlary, kupe görnüşli üçek we üçegiň üstünde ýerleşýän lazer lidar. Ulagyň ölçegleri 4999×1996×1600 mm, teker bazasy bolsa 3000 mm. Salonynda bäş ýolagçy üçin ýer we giň mümkinçiliker bar, olaryň arasynda howada asylgy duran multimediýa paneli we giňeldilen PHUD proýeksiýa displeýi hem bar.