Hindistanyň Kerala ştatynda dini däp-dessurlarda robotlaşdyrylan piller ulanylyp başlandy. Aýna süýümden we rezinden ýasalan metal karkasly bu mehaniki jandarlar hakyky pilleriň hereketlerini we sesini gaýtalap bilýär diýip, Goodnet habar berýär. Bu taslamany 2023-nji ýyldan bäri şeýle robotlaryň ondan gowrak modelini döretmek üçin serişde bölüp beren PETA India guramasy öňe sürdi. Robot piller hakyky pilleri ýörite goraghanalara geçirmek şerti bilen ybadathanalara berler. Robotlaryň biri eýýäm Çakkamparambu Bhagawathi ybadathanasyna gowşuryldy. Bu ybadathananyň öňki ruhanysy däp-dessurlarda ýabany haýwanlaryň ulanylmagyna garşydygyny aýdyp, muny “düýbünden ahlaksyz” diýip atlandyrypdy. Hindistanda 2700 töweregi pil bendilikde saklanýar we olar uly fiziki hem emosional kynçylyklary başdan geçirýär. Robotlaşdyrylan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy haýwanlar bilen gatnaşyklaryň medeni hem ahlak taraplaryny göz öňünde tutup, däp-dessurlary döwrebap görnüşde saklap galmaga mümkinçilik berer. PETA India bu çemeleşmäniň adamlar bilen pilleriň arasyndaky howply çaknyşmalaryň sanyny hem azaltjakdygyny we haýwanlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir