Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýnunda «Barselona» öz meýdançasynda Milanyň «Interi» bilen 3:3 hasap bilen deňme-deň oýnady. Duşuşygyň geçirilmegi Ispaniýada ýurt möçberinde giň gerimli tok öçüşlik sebäpli sorag astynda boldy. Emma näsazlyklar düzedilip, duşuşygy geçirmäge mümkinçilik berildi. «Inter» ilkinji hüjümde - 30-njy sekuntda hasaby açdy. Markus Týuramyň girizen goly ÇL-niň ýarym final tapgyrynyň taryhynda iň çalt gol boldy. Fransiýaly futbolçy Woýseh Şesniniň derwezesine topuk bilen owadan urgudan gol geçirdi. 21-nji minutda Denzel Dumfris «Interiň» artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. Emma italýan kluby duşuşygyň birinji ýarymy tamamlanýança iki gol artykmaçlygyny saklap bilmediler – "Interiň" ikinji golundan 3 minut soňra 17 ýaşly Lamin Ýamal ýek-özi oýunçylardan geçip, derwezäniň ştangasyna degrip, gol geçirdi. Ol Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda gol geçiren taryhda iň ýaş futbolçy boldy. Birnäçe minutdan soň ol ikinji goluny geçirmäge ýakyn bardy, ýöne «Interiň» derwezebany Ýan Zommeriň tagallalary bilen top direge degip yzyna gaýtdy. «Barselona» 38-nji minutda Ferran Torresiň goly bilen hasaby deňledi. Duşuşygyň ikinji 45 minudy hem gyzgalaňly boldy. 64-nji minutda Dumfris dubl etdi. «Barselona» ýene-de dessine jogap berdi - bir minutdan Rafinýa uzakdan güýçli urgusy bilen topy derwezä gönükdirdi. Top derwezebanyň arkasyna degip, derwezä girendigi sebäpli soňra bu gol awtogol hökmünde Zommeriň adyna ýazyldy. Duşuşygyň gutarnykly hasaby – 3:3. Finala çykjak kluby kesgitlejek jogap duşuşyk 7-nji maýa geçilýän gije Milanda geçiriler. Bir gün soňra bolsa myhmançylykda «Arsenaly» 1:0 hasap bilen ýeňen «Pari Sen-Žermen» «kanonirleri» Fransiýada kabul eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir