«Smart Pikachu» atly hytaýly insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, geljekki Xiaomi 16 öz bäsdeşleriniň arasynda iň uly batareýa eýe bolar. Şeýle-de insaýder smartfonyň dizaýny we tehniki häsiýetleri bilen baglanyşykly beýleki maglumatlary hem paýlaşdy diýip, «GSMArena» habar berýär. Insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, Xiaomi 16 modeli 6,3 dýuýmlyk displeýe eýe bolar we şeýle ölçegdäki telefonlaryň arasynda iň uly batareýa bilen üpjün ediler. Häzirki wagtda bu kategoriýanyň lideri hökmünde 6,32 dýuýmlyk ekrana eýe bolan OnePlus 13T görkezilýär, onuň batareýasynyň kuwwaty 6260 mA·sag. Deňeşdirsek, Xiaomi 15 modeli 5240 mA·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilipdi. Şeýle-de çeşmäniň aýtmagyna görä, smartfonyň dört tarapyndaky çarçuwa gaty inçe, korpusy bolsa ýeňil we ýuka bolar hem-de 50 megapiksellik üç sany kamera bilen enjamlaşdyrylar. Esasy model, ahyrsoňy, periskop teleobýektiw bilen hem üpjün edilip bilner. Prosessor hökmünde bolsa Snapdragon 8 Elite-iň ikinji nesli ulanylar. Xiaomi 16 hatarynyň tanyşdyrylyşynyň şu ýylyň oktýabr aýynda bolmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir