Opel häzirki nesil «Corsa» modeliniň millionynjy nusgasynyň çykarylyşyny dabaraly ýagdaýda belledi. Metbugat beýannamasyna görä, dabaraly çäreler kompaniýanyň Rýusselshaým şäherindäki (Germaniýa) baş edarasynda we awtoulagyň ýygnalýan ýeri bolan Saragosa şäherindäki (Ispaniýa) zawodda geçirildi. Häzirki nesil «Opel Corsa» ilkinji gezek 2019-njy ýylda hödürlenipdi we şol wagt doly elektrik togy bilen işleýän «Corsa-e» wersiýasy hem ilkinji gezek tanyşdyrylypdy. Häzirki wagtda bu model «Corsa Electric» diýlip atlandyrylýar. Şeýle hem bu modeliň benzinli hereketlendirijili görnüşleri, şol sanda ýumşak gibrid ulgamly görnüşleri hem bar. Häzirki wagtda alyjylar «Opel Corsa» modelini 136 ýa-da 156 at güýjüni öndürýän elektrikli hereketlendiriji bilen saýlap bilerler. Şeýle-de 100 at güýjüni öndürýän benzinli 1.2 Turbo hereketlendirijili (elektrik goldawsyz) ýa-da 100 we 145 at güýjüni öndürýän ýumşak gibrid ulgamly görnüşleri hem hödürlenýär. Täze nesil «Opel Corsa» Stellantis üçin möhüm önüm boldy, sebäbi onuň işlenip düzülişine brend General Motors-dan aýrylandan soň başlanylypdy. Kiçi göwrümli «Corsa» meşhurlygyny saklaýar we elýeterli şäher awtoulaglarynyň arasynda 2025-nji ýylyň iň gowy modelleriniň biri bolmagynda galýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir