JATO Dynamics-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Volkswagen Tesla-dan öňe geçip, Ýewropa Bileleşiginiň çäginde iň meşhur elektromobil brendi boldy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär. Ýylyň ilkinji üç aýynda ÝB-de Volkswagen-iň 65 müň 679 elektromobili hasaba alyndy, Tesla bolsa 53 müň 237 sanysyny satdy. Şeýlelikde, germaniýaly awtoulag öndürijisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasaba alyşlaryny 157% ýokarlandyrdy. Şol bir wagtyň özünde, Tesla kompaniýasy hasaba alyşlarynyň 38% aşak gaçandygyny belläp geçdi. Bu sebitdäki otuz öňdebaryjy awtoulag brendiniň arasyndaky iň uly pese gaçyş boldy. Bu öwrülişikli pursat bolsa, Ýewropada akkumulýatorly elektromobil bazarynyň rekord derejede ösmegine gabat geldi: mart aýynda BEV-iň paýy ähli täze hasaba alyşlaryň 16,9%-ine ýetdi. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,7% ýokary. Bu ösüşe esasy goşandy Beýik Britaniýanyň bazary goşdy, ol ýerde isleg 13% ýokarlandy. Umumy satuwlarynyň pese gaçandygyna garamazdan, «Tesla Model Y» we «Model 3» hasaba alyş sany boýunça iň meşhur iki elektromobil hökmündäki orunlaryny saklap galdylar. Martda «Model Y-niň» satuwy 43% aşaklady, «Model 3» bolsa 1% ösüş görkezdi. Ýakyn bäsdeşi – «Volkswagen ID.4» liderleriň üçlügini jemledi, emma «Model 3-den», takmynan, 2000 az nusgada satyldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir