General Motors Braziliýada täze 2026-njy ýyl «Chevrolet S10 100 Years Edition» pikabyny resmi tavdan tanyşdyrdy. Kompaniýanyň metbugat gullugyna görä, ýörite wersiýa brendiň ýüz ýyllygyny bellemek üçin taýýarlanyldy we deňsiz-taýsyz modelleri çykarmak däbini dowam etdirýär. Ýubileý wersiýasy başdan geçirmeler üçin niýetlenen eksklýuziw komplektasiýa bilen üpjün edildi. Pikap ýerden beýikligini 30 mm artdyrýan ýörite Ironman asma ulgamy, motory goramak üçin plastina, sport görnüşli duga, teker arkalarynyň giňeldijileri we ýolsuz ýerler üçin niýetlenen 18 dýuýmlyk tekerler bilen enjamlaşdyrylan. Bazadaky Z71 wersiýasy bilen deňeşdirilende, bu modelde 22 sany tapawut bar. Interýeri gara, oturgyçlary bolsa alkantara material bilen örtülüpdir. Standart görnüşde degişli zolakda saklamaga kömek edýän ulgam, yzdan gelýän ulaglar barada duýduryş berýän ulgam hem-de zyňyndylary 84 göterim azaldýan Arla 32 ulgamy bar. Daşky görnüşi boýunça «Chevrolet S10 100 Years Edition» täze «White Dunes» (ak çägesöw) kuzow reňkinde hödürlenýär. Pikap 2,8 litrlik Duramax turbodizel hereketlendiriji we 8 basgançakly awtomatiki karobka bilen üpjün edilen. Bu model eýýämden Braziliýadaky Chevrolet awtosergilerinde satuwa çykaryldy.