Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçirilýär. "Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy, dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça türgenleriň ussatlygyny we tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaryşa gatnaşyjylara iberen gutlagynda belleýär. Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredildi. Sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda möhüm waka öwrüljek bu halkara ýaryşa daşary ýurtlardan köp sanly sport wekilleri gatnaşýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir