TikTOk wideoplatformasyna eýelik edýän ByteDance hytaý kompaniýasy täze emeli aň (EA) ulgamyny tanyşdyrdy. «OmniHuman-1» atly bu ulgam suratlary tebigy we janly wideolara öwürýär. Bu ulgam adamyň bedeniniň keşbini doly janlandyryp bilýär diýip, TechCrunch habar berýär. «OmniHuman-1» adamlaryň gürleýşine görä el we ýüz hereketlerini ýerine ýetirip bilýär. Öňki emeli aň modellerinden tapawutlylykda, ol diňe ýüz keşbini ýa-da bedeniň ýokarky bölegini däl-de, «tutuş bedeni» janlandyryp bilýär. Soňky ýyllarda suratlardaky adamlary hereket etdirmekde, ýagny olaryň animasiýasynda ep-esli öňegidişlik gazanyldy. Şeýle-de bolsa, bar bolan usullar uly göwrümli wideolary döretmekde kynçylyk çekýär. Bu bolsa olaryň hakyky durmuşda ulanylmagyny çäklendirýär. «OmniHuman-1» EA ulgamy 18 müň 700 sagatdan (2 ýyl 1 aýdan) gowrak adam wideo-maglumatlary bilen türgenleşdirildi. Onuň täzelikçi usuly dürli giriş maglumatlaryny – tekst, ses we beden hereketlerini birleşdirýär. Geçirilen synaglaryň netijesinde, «OmniHuman-1» bar bolan beýleki ulgamlardan dürli görkezijiler boýunça üstün çykdy. Bu usul arkaly ýasalan wideolaryň mysallaryna şu salgydan tomaşa edip bilersiňiz.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir