Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby täze baş tälimçini bellemäge ýakyn. Insaýder Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, ol häzirki wagtda “Feýenoord” toparyna ýolbaşçylyk edýän 45 ýaşly niderlandiýaly hünärmen Arne Slot bolar diýip, “Çempionat” ýazýar. Slotyň bellenilendigi barada resmi bildirişiň şu hepde bolmagyna garaşylýar. Romanonyň maglumatlaryna görä, klublar eýýäm zerur resminamalara gol çekdiler. Slot taryhda iň gymmat niderlandiýaly tälimçi bolar. “Liwerpul” tälimçi üçin 13-15 mln ýewro möçberde kompensasiýa tölär. “Liwerpulyň” häzirki baş tälimçisi Ýurgen Klopp möwsümiň ahyrynda klubdan gider. Slot 2021-nji ýylyň tomsundan bäri “Feýenoordda” işläp, gowy netijeleri gazandy: ähli ýaryşlarda 145 oýunda 94 ýeňiş, 27 deňme-deňlik we 24 ýeňliş. Ujypsyz serişdeler bilen tälimçi “Feýenoordy” Konferensiýalar ligasynyň finalyna (2022) we Ýewropa ligasynyň dörtden bir finalyna (2023) çykardy. Bilermenler Sloty Hosep Gwardiolanyň yzyna eýeriji hasaplaýarlar we Mikel Arteta hem Roberto De Dzerbi bilen deňeşdirýärler. Niderlandiýaly hünärmeniň “Feýenoord” bilen häzirki şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir