Hytaýly insaýder Ice Universe iPhone 16-nyň dört modeliniň ählisiniň suratlaryny çap etdi. Maket bolmagy mümkin suratlarda smartfonlar dürli taraplardan görkezilýär diýip, IXBT habar berýär. Maglumatlara görä, iPhone 16 we iPhone 16 Plus degişlilikde 6,1 we 6,7 dýuýmlyk ekranlary alarlar. Bu modelleriň kamera bölüminiň dizaýny iPhone 15 Pro-nyňkydan we iPhone 15 Pro Max-yňkydan tapawutlanar. iPhone 16 Pro-nyň we iPhone 16 Pro Max-yň ölçegleri 6,3 we 6,9 dýuým bolar. Daşyndan bu modeller öňküleri bilen birmeňzeş bolar. Apple-iň täze iPhone 16-ny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda hödürlemegine garaşylýar. Ice Universe Apple-iň önümleri barada ygtybarly maglumat çeşmesi hökmünde abraý gazandy. Ol şarlawuk ekranly smartfonlaryň trendi, iPhone X-yň “kesigi”, Dynamic Island kese kesikli we 14 megapiksel şekilli datçikli iPhone 14-iň täze dizaýnyny ilkinji bolup dogry habar berdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir