Her gezek açyk kosmosa çykmak – bu diňe bir çylşyrymly iş bolman, eýsem, Ýer ýüzünde-de, HKS-da-da hünärmenler toparynyň sazlaşykly işlemegini talap edýän gymmat amal. Bu barada Roskosmos-yň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko aýtdy. Kosmonawt TASS-a beren interwýusynda: "Çykyşyň" ýerdäki köp sanly hünärmenleriň gatnaşmagyndaky juda gymmat işdigine düşünip, öz işimize örän ussatlyk bilen çemeleşýäris " - diýip nygtady. Kononenkonyň sözlerine görä, gäminiň daşyndaky çärelere taýýarlyk - bu bortdaky resminamalary, wideo materiallary öwrenmek, edilmeli hereketleriň meýilnamasyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak we wezipeleriň dykgat bilen paýlanmagy ýaly hysyrdyly iş. Kosmonawtlar geçilýän ýollary öwrenmäge aýratyn üns berýärler. “Nireden geçmelidigini öňünden maslahatlaşýarys, sebäbi kosmos kostýumynda töweregi görüş gaty çäklidir. Nirededigiňe, barýan ugruňa düşünmek diýseň kyn. Şeýle hem, işleriň geçiriljek ýerlerinde tutawaçlaryň sanyny ýada salmak bilen, käbir ýerlerde nämä üns bermelidigi barada öňünden ylalaşýarys. Bularyň hemmesi çykyş wagtynda has çalt geçmäge kömek edýär, geçilýän ýerler üçin we iş ýerlerinde goşmaça nokatlary gözlemeklige az wagt sarp edýäris " - diýip, Kononenko belledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir