atuw başlanyndan bary-ýogy 32 gün soň, Xiaomi SU7-niň 10 000-nji köpçülikleýin elektrik awtoulagy gurnama konweýerinden çykdy. Bu barada Xiaomi-niň esaslandyryjysy, başlygy we baş direktory Leý Szýun mälim etdi diýip, IXBT ýazýar. Xiaomi Motors-yň Pekin awtoulag sergisinde ýaýradan maglumatlaryna görä, bronlanan SU7 awtoulaglarynyň sany 75 müň awtoulagdan geçdi, ilkinji 28 günde 5781 awtoulag müşderilere gowşuryldy. Xiaomi-niň baş direktory Leý Szýun Apple-iň ulanyjylarynyň elektrik awtoulagyna aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy: sargytlaryň 51,9 göterimini iPhone-nyň eýeleri etdi. Alyjylaryň 28% -i - aýallar, 29% -i bolsa Mersedes-Benz-iň, BMW-niň ýa-da Audiniň öňki eýeleridir. Xiaomi SU7 Pekin awtoulag sergisinde hakyky şowhun döretdi. Täze önümi görmek we synagdan geçirip görmek üçin kiçeňräk Xiaomi stendinde ullakan nobat döredi. Xiaomi SU7 Hytaýda 30 müň dollara satylýar. Elektrikli awtoulag ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýöreýiş ätiýaçlygy 700 km-den 830 km (batareýa baglylykda) aralygnda bolup, 2,78 sekuntda sagatda 0-dan 100 km-e çenli tizligini artdyrmaga ukyplydyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir