7-nji maýda Huawei Dubaýda global tanyşdyryş dabarasyny geçirer we şol ýerde birnäçe täze önümini hödürlär. Esasy üns üç enjama: Watch Fit 3 akylly sagadyna, MateBook X Pro 2024 noutbugyna we MatePad seriýaly planşetlere gönükdiriler diýip, gagadget.com ýazýar. Watch Fit 3: Huawei-iň täze akylly sagady Apple Watch-i ýada salýan dizaýna eýe bolar we HarmonyOS operasiýa ulgamynda işlär. MateBook X Pro 2024: Bu noutbuk eýýäm Hytaýda hödürlendi. Agramy bary-ýogy 980 gram we Intel Ultra 9 prosessor, 120Hz täzelenme tizligi we 140W çalt zarýadly OLED displeýi bilen enjamlaşdyrylandyr. MatePad: MatePad planşetleriniň täze seriýasy barada köp zat mälim däl, ýöne Huawei-iň öz öndüren Kirin 9000W prosessoryny almagyna garaşylýar. MatePad Pro 13,2 modeli 2880 × 1920 piksel durulykda 13,2 dýuýmlyk OLED displeýi, 12 Gb RAM-y we 256 ýa-da 512 GB içerki ýady öz içine alýar. 10 000 mAh batareýa 88 Wt çalt zarýad bermegi goldaýar we programma platformasy hökmünde HarmonyOS 4.0 çykyş edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir