Britaniýada smart-gurluşlarda “admin” ýa-da “12345” ýaly gowşak parollaryň ulanylyşyny gadagan etmegi göz öňünde tutýan sarp edijileri haker hüjümlerinden goramak düzgünleri güýje girdi. Bu barada “The Guardian” neşirine salgylanyp, epravda.com habar berýär. Şeýlelikde, ähli smart-gurluşlaryň minimal howpsuzlyk ülňülerine laýyk gelmelidigini kesgitleýän täze kanuna laýyklykda, Beýik Britaniýada “admin” ýa-da “12345” ýaly gowşak parollary bolan tehnikalar gadagan ediler. Ylym, innowasiýa we tehnologiýa departamentiniň maglumatlaryna görä, telefon, telewizor we akylly gapy jaňlaryny öndürijiler indi internete birikdirilen gurluşlary kiber-jenaýatçylaryň elýeterli bolmagyndan goramaga hukuk taýdan borçludyrlar, ulanyjylara bolsa gajetleri sazlanlarynda adaty parollary üýtgetmek teklip edilýär. “Şu günden başlap sarp edijiler smart-gurluşlarynyň kiber-jenaýatçylaryndan goraglydygyna has ynamly bolup bilerler, sebäbi biz dünýäde olaryň şahsy durmuşynyň, maglumatlarynyň we maliýe ýagdaýlarynyň howpsuzlygyny kepillendirjek ilkinji kanunlary güýje girizýäris” diýip, ylym we tehnologiýa ministri Jonatan Berri belledi. Bu kanun Beýik Britaniýanyň kiber-jenaýatçylyga garşy durnuklylygyny güýçlendirmegi maksat edinýän Önümleriň we telekommunikasion infrastrukturanyň howpsuzlygy (PSTI) režiminiň çäklerinde güýje girýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir