Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor açyk ýumrukda uruş boýunça promouşen Bare Knuckle Fighting Championship-iň (BKFC) egindeş eýesi boldy. Bu barada Los-Anjelesde (ABŞ) geçirilen BKFC ýaryşynda yglan edildi diýip, ESPN ýazýar. Geçen ýyl irlandiýaly söweşiji promouşende paý almak üçin bäsleşmek isleýändigini aýtdy. Onuň spirtli içgileri öndüriji kompaniýalary liganyň hemaýatkärleri bolup çykyş etdi. BKFC-niň prezidenti Dewid Feldman Makgregor bilen “beýik işleri amal etmegi we köp sanly täze bazarlary açmagy” meýilleşdirýändigini aýtdy. BKFC 2018-nji ýylda esaslandyryldy we Filadelfiýada ýerleşýär. Ol 1889-njy ýyldan bäri ABŞ-da resmi açyk ýumruk uruşlaryny geçirmäge hukuk alan ilkinji gurama boldy. Ýeri gelende bellesek, Makgregor 29-njy iýunda Las-Wegasda geçiriljek UFC ýaryşynda Maýkl Çendlere garşy söweşer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir