Londonyň “Çelsisiniň” goragçysy Týago Silwa häzirki möwsümiň ahyrynda klubdan gidýändigini aýtdy. Braziliýaly futbolçynyň habaryny klubuň resmi saýty berýär diýip, “Çempionat” ýazýar. “Çelsi” meniň üçin örän köp zady aňladýar. Men bu ýerde bir ýyl sarp etmegi meýilleşdiripdim, ahyrynda bolsa dört ýyl galdym. Bu klub diňe bir meniň üçin däl, eýsem maşgalam üçin hem möhümdir. Meniň ogullarym “Çelsi” üçin oýnaýarlar, şonuň üçin men “Çelsi” maşgalasynyň bir bölegidigime örän buýsanýaryn. Men olar karýerasyny şu ýerde, köp oýunçylaryň isleg bildirýän klubunda dowam etdirip bilerler diýip umyt edýärin. Men dört ýylyň dowamynda tutuş özümi berdimmikäm diýýän. Ýöne, gynansak-da, ähli zadyň başlangyjy, ortasy we soňy bar. Bu gutarnykly soňudygyny aňlatmaýar. Men geljekde, iň bolmanda, başga bir rolda dolanyp bilerim ýaly gapyny açyk goýaryn diýip umyt edýärin” – diýmek bilen, Silwa günlerde bir gün yzyna dolanmakçydygyny sözüniň üstüne goşdy. Silwa 2020-nji ýylda “Çelsä” erkin agent hökmünde geçdi, 151 oýna gatnaşyp, Çempionlar ligasynda, Klublaýyn dünýä çempionatynda we UEFA-nyň Super kubogynda ýeňiji boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir