Günorta Koreýanyň Samsung Electronics elektronika ägirdi birinji çärýekde amal girdejisiniň 900%-den gowrak ýokarlandygyny habar berdi. IXBT-iň ýazmagyna görä, muňa ýat çipleriniň bahalarynyň öňki durkuna gelmegi we emeli aňa islegiň artmagy oňyn täsirini ýetirdi. Kompaniýanyň çärýekdäki girdejisi 52,3 milliard dollar, amal girdejisi bolsa 4,79 milliard dollar boldy. Bu girdejiniň 12,81%, amal girdejisiniň 932,8% ýokarlanandygyny görkezýär. Mundan öň, Samsung girdejisiniň 931% ýokarlanjakdygyny çaklapdy. COVID-19 pandemiýasyndan soň islegiň pese düşmegi sebäpli kompaniýa 2023-nji ýylda rekord ýitgi çekdi. Şeýle-de bolsa, indi bazaryň ýagdaýy gowulaşýar. Citi Research seljerijileri, ösüşi emeli aň arkaly hasaplamalara bolan isleg sebäpli Samsung-yň NAND fleş-ýady biznesiniň potensialy bilen baglanyşdyrýarlar. Samsung ikinji çärýekde ösüşiň generatiw AI-e bolan islegi bilen şertlendiriljekdigine, şol bir wagtda ykjam enjamlara bolan islegiň bolsa durnukly bolmagyna garaşýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir